Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Sanly bilim ulgamy ýaş nesiliň geljegi

  • 23.10.2022
  • Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Innowassion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, bu ugurda kanunçylyk binýady hem kämilleşdirýär.
    “Döwlet ylmy-tehniki syýasatay hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Elektron resminama hakynda”, “ Türkmenistanda internet torunyň ösdürilişini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Aragatnaşyk hakynda”, “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda”, “Ylmy edaralar hakynda”, “Ylmy intelektual eýeçilik hakynda”, “ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy” hem-de “Türkmenisdanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň döwlet maksatnamasy” durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman şertlerinde innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli peýdalanylmagynyň uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, döwletiň gülläp ösmegi üçin binýady üpjün edýän durnukly ykdysady ösüşiň aýrylmaz ýagdaýy bolup durýandygyny nygtaýar. Şonuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekilmegi ählumumy durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ýurdumyzyň oňyn, netijeli we ösüşe ýardam berjek işleri durmuşa geçirýändigini aýdyň görkezýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek köp möçberde maýa goýumlarynyň çekilmegini hem talap edýänligini bellemek gerek. “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda” maliýeleşdirmegiň çeşmeleri hem beýan edilýär. Dünýä ösüşiniň hazynasyna şöhratly ata-babalarymyzyň örän baý medeni mirasyna daýanmak we milli gymmatlyklarymyzy saklap galmak bilen, dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ylmyň hem tehnikanyň ýokary depginde ösmegini üpjün etmegiň möhüm derejede bolmagydyr. Şonuň bilen baglylykda, innowasiýalary, öňde baryjy tehnologiýalary we tejribäni ugur edinýän bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek we ony ösüşiň dünýä derjesine çykarmak möhüm wezipedir.
    Bilim edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, bilimiň ähli basgançaklarynda ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, bilim bermegiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak üçin sanly tehnologiýalary giňden ulanmak maksadynda bilim bermegiň sanly ulgamy halkara ülňülerine laýyklykda işjeňleşdirýär.
    Milli ykdysadyýetimize sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” durmuşa geçirilmegi bilen ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirmäge, hünärmenleriň taýýarlanmagyna mümkinçilik döreder. Şeýle hem täze iş orunlaryň döredilmegine we halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, maglumat ulgamlaryny kämilleşdirmäge, durmuş pudaklarynda we maliýa ulgamynda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyryp, nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmaga we jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň ýokarlanmagyna ýardam eder.


    İlaman MYRADOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir