Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ösen yk­dy­sa­dy­ýe­t ke­ma­la ge­tir­ilýär

  • 15.09.2022
  • Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi has-da ös­dür­mek­de mak­sat­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu mak­sat­na­ma­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hem pu­dak­lar­da san­ly ul­ga­my has-da ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu bol­sa döw­re­bap müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­dir, gel­je­gi uly tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de tä­ze ugur­la­ryň iş­le­nip taý­ýar­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň beýanydyr. Hä­zir­ki dö­wür­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň bü­tin dün­ýä­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni bel­le­me­gi­miz ge­rek. Mu­nuň özi ila­ta edil­ýän hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär, iş­le­riň tiz ama­la aşy­ryl­ma­gy­na döw­re­bap şert­le­ri dö­red­ýär. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ada­ty pu­dak­la­ry­ny öz­gerd­ýär, işe­wür­li­gi amat­ly alyp bar­ma­ga we halk ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­te san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­riň de­re­je­si­ne ýet­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek, ada­myň aň-bi­lim ma­ýa­sy­na, işe­wür­li­gi­ne we mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň tä­ze ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan ösen yk­dy­sa­dy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da uly iş­ler san­ly öz­gert­me­le­riň dün­ýä de­re­je­sin­de ýo­ka­ry tiz­lik bi­len ýaý­ra­ýan döw­rün­de gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­ler­dir. Şo­ňa gö­rä-de, äh­li pu­dak­lar kä­mil hü­när­men­ler bi­len üp­jün edil­ýär we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar yzy­gi­der­li or­naş­dy­ryl­ýar. 
    San­ly yk­dy­sa­dy­ýet şert­le­rin­de nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ryň ge­ri­mi­niň gi­ňel­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne go­şul­ma­gy­na özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­dü­ril­me­gi ýurt­da ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­li­gi we uzak­möh­let­le­ýin yk­dy­sa­dy ösü­şi ga­zan­ma­ga iter­gi ber­ýän ne­ti­je­li ul­gam­la­ryň bi­ri hök­mün­de öňe çy­ka­ryl­ýar. Mu­nuň özi jem­gy­ýet­çi­lik hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mä­ge ýar­dam ber­ýär.


    Maýa ATAHANOWA
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir