Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Maliýe ulgamynda döwrebap şertler

  • 09.06.2022
  • Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde maliýe usullarynyň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna serişdeleri amatly peýdalanmak, şeýle hem durnukly esasda uzak möhlete maýa goýumlary çekmek maksady bilen, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gymmatly kagyzlar bazary baha emele getirilişiniň maliýe taýdan adalatly bolmagyna ýardam berýär. «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda gymmatly kagyzlar bazary fiziki we ýuridik şahslaryň gymmatly kagyzlarynyň emissiýasy (çykarylyşy) we dolanyşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň jemi hökmünde kesgitlenilýär. Paýnamalaryň (aksiýalaryň) we obligasiýalaryň çykarylmagy arkaly gymmatly kagyzlar bazarynyň emele gelmegi haryt önümçiligini giňeltmek zerurlygy bilen baglydyr.  
    Ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazarynyň ösdürilmegini gazanmak maksady bilen, «Aşgabat» gazna biržasy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi.
    Milli ykdysadyýetimizde sanly ulgamy ösdürmek boýunça öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagy halk hojalygynyň ösüşinde öňegidişlikleriň gazanylýandygyny görkezýär. Döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň artmagy netijesinde maliýe ulgamynyň we onuň esasy düzüm bölegi hökmünde çykyş edýän gazna bazarynyň halkara ülňülerine laýyk gelmegi üpjün edilýär. Şu nukdaýnazardan garanyňda, gazna bazary maliýe bazarynyň esasy düzüm bölegi bolmak bilen, döwletiň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde hem çykyş edýär.
    Gazna bazarynyň ösüş derejesi bilen ykdysady ösüşiň arasyndaky özara baglanyşyk maliýe araçylarynyň (banklaryň) işiniň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge serişdeleri çekmekden ybaratdygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimizde geleşikleriň möçberini artdyrmak arkaly, sanly innowasiýalara we ykdysady ösüşe oňyn täsirini ýetirýär.  Ýurdumyzda gazna bazarynyň herekete getirilmegi eýeçiligiň dürli görnüşleriniň, şol sanda telekeçilik işiniň kämilleşýän döwründe örän wajyp gurallaryň birine öwrüldi. Gymmatly kagyzlaryň ýerlenilmegi arkaly gelip gowuşýan şahsy we edara görnüşli taraplaryň pul süýşürintgileri hakyky önümçilik obýektlerine we dürli ugurly döwrebap tehnologiýalara öwrülýär.


    Kemal SOPYÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir