Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Maýa goýum syýasaty

  • 30.05.2022
  • Horatly Prezidentimiziň başda durmagynda we gös-göni gözegçilik etmeginde alnyp barylýan döwlet maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak ýaly asylly maksatlary özünde jemleýär. Geçen ýyllaryň dowamynda önümçilik we durmuş maksatly ugurlara gönükdirilen maýa goýumlary döwlet we halkara derejesinde iri taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döretdi.
    Häzirki wagtda ýurdumyzda içerki we daaşry ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna ähli pudaklarda täze önümçilik desgalary gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň önüm berijiligi we öndürýän önüminiň hili ýurdumyzyň eksport kuwwatlylygyny artdyryp, goýlan maýa goýumlarynyň öz bellenilen möhletlerinde özüni ödemegine we giren girdejileriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagyna şert döredýär. Bu ýagdaý nebit we gazhimiýa önümleri babatda hem, azyk we dokma, gurluşyk önümçiligi, dokma senagaty barada aýdylanynda hem şeýledir. Türkmenistan döwletimiz saglygy goraýyş maksatly harytlary dünýäniň bu ugurda ösen ýurtlaryndan satyn alýar. Şunuň bilen birlikde hem milli derman senagatynyň ösüşleriniň hasabyna özümizde dünýä talaplaryna laýyk gelýän derman önümlerini, sargy serişdelerini we beýleki önümleri öndürýän we dünýä ýurtlaryna eksport edýän milli derman senagatyna eýedir. 
    Bu ösüp ýetilen belent derejelerde mähriban Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän oýlanyşykly döwlet maýa goýum syýasatynyň möhüm orny bardyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we üstümizdäki ýylda kabul edilen 30 ýyllyk Maksatnamanyň esasynda, ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak işleri mundan beýläk-de dowam etdiriler.

    Arslan HOJAMBERDIÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ talyby
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir