Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda, ýurdumyzda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda halkymyzy azyk we beýleki zerur bolan önümler bilen üpjün etmek babatda ýadawsyz işler alnyp barylýar. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagy üçin, esasan, ulgama innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi, tohumçylyk we seçgi işleriniň ylmy esaslarda alnyp barylmagy möhüm orun eýeleýär. Munuň üçin ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň garamagyndaky ylmy-barlag institutlaryna, merkezlerine aýratyn möhüm orun degişli edilýär. Ylmy-barlag edaralarynda gowaçanyň, däneli, kösükli-däneli we gök-bakja ekinleriniň, şalynyň, ýeralmanyň, miweli baglaryň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, ir ýetişýän we kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmek hem-de olary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak, welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ekinleri görnüşleri boýunça ýerleşdirmek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda kabul edilýän milli maksatnamalara laýyklykda, häzirki döwürde oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar. Şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmak, özümizde öndürilýän ýokary hilli önümleri dünýä bazarlaryna ýokary bahalardan çykarmak babatda wajyp işler durmuşa geçirilýär. Biz Garaşsyz döwletimizi aýdyň ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli işlerinde hemişe üstünlik arzuw edýäris.
Kerim AMANNAZAROW Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby