Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Sanly ulgam — döwrebap ösüş

  • 07.04.2023
  • Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar. Ykdysady we durmuş gatnaşyklarynyň täze ulgamy depginli ösdürilýär. Şeýle ösüşler bolsa, dünýä senagat önümçiliginde bolup geçen özgerişliklerden oňyn netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň utgaşdyrmagynda edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň her birinde maglumatlary saklaýan, gaýtadan işleýän serwer we ulgam enjamlarynyň bir bitewi ulgama birleşdirilmegini üpjün edýän täze innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Önümçilik pudaklaryny awtomatlaşdyrmak, hasaba alyş we buhgalter hasabatyny ýönekeýleşdirmek, elektron hyzmatlar ulgamyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň bir bitewi Döwlet hyzmatlary hem-de işler portaly e.gov.tm döredildi. Bu portal raýatlar hem-de işewürlik üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge «Bir penjire» diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy hökmündedir. «Bir penjire» ýörelgesi hyzmatlardan peýdalanmak üçin ýüz tutýandan resminamalaryň merkezleşdirilen görnüşde kabul edilmegini, şeýle hem resminamalary taýýarlamagyň möhletiniň berjaý edilişine hem-de olaryň berilmegine gözegçiligi üpjün etmegi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ähli ylym-bilim edaralaryny, iş ýerlerini dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga, şonuň bilen baglylykda milli ykdysadyýetimizi barha kuwwatlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

    Wepa SÄHEDOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir