Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Sanly ykdysadyýet-sanly dünýä

  • 06.04.2023
  • Mälim bolşy ýaly, ägirt uly serişdelere we yk­dysady kuwwata eýe bolan ata Watanymyz inno­wasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda milli ykdysadyýeti we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi halk hojalyk toplumyny mundan beýläkde döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini art­dyrmagyň möhüm şertidir. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda ýokary tehno­logiýaly pudaklary, hususan­da, elektron senagaty ös­dürmäge kuwwatly itergi berildi. Programma üpjün­çiligini, elektron hyzmatlary, maglumat portallaryny döretmek ýaly ylym bilen baglanyşykly ulgamlary özleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Türk­men hünärmenleri tarapyndan işlenilip taýýarlany­lan täze sanly önümleriň iş ýüzünde giňden ulanylýandygy bellärliklidir. Olar ulanyş babatda özleriniň hili we amatlylygy boýunça daşary ýurtlaryň sanly önümlerinden birjik­de pes durmaýar. Bu günki günde sanly kommunikasiýa ýaýlymla­ry, emeli aň, robotlaşdyrmak döwrüň esasy serişde­lerine öwrülýär. Şol bir wagtyň özünde öňdebaryjy tehnologiýalar, bilşimiz ýaly, ýokary hünärli işgär­leriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmekde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy­na» uly orun degişlidir. Onuň durmuşa geçirilmegi maglumat bilim gurşawynyň döredilmegini, jemgy­ýetiň aň-­bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny, halkara ülňüleriň derejesinde ugurdaş usullaryň kämilleşdirilmegini öz içine alýar. Şu ýerde bir möhüm ýagdaýa üns bermeli. Ki­taphanalaryň sanlylaşdyrylmagy bu ugurda esasy orny eýeleýär. Häzir okamagyň mümkinçilikleri düýpli özgerdilýär. Elektron görnüşdäki kitaplar onlaýn tertipde doly elýeterli boldy. Kompýuteriň, planşetiň, ykjam telefonyň kömegi arkaly islendik wagtda kitaphanalaryň saýtyna girip, gerek bolan neşiri wirtual görnüşde almak mümkinçiligi döredi. Bu bolsa okyjylaryň gyzyklanmalaryny artdyrýar we bilim almak, dünýägaraýşyňy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Mahlasy, sanly ykdysadyýet döwletimiziň hem­ de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny, şol sanda dolandyryş, pudaklaýyn, işewür düzüm­leri, önümçilik we söwda ulgamlaryny, medeni­ durmuş pudaklaryny, raýatlaryň durmuşyny öz içi­ne alýar. Bular öz artykmaçlyklaryny görkezip, bar bolan kuwwaty doly durmuşa geçirmäge goşmaça mümkinçilik berýär, şeýle hem bilimiň, hyzmatla­ryň hilini ýokarlandyrýar, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegini, anyk netijelere ýetilmegini şertlendirýär.

    Azat BERDİÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir