Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Sanly ykdysadyýet ösüş we döwrebaplyk

  • 05.04.2023
  • Ber­ka­rar ­döw­le­tiň­ tä­ze­ eý­ýa­my­nyň­ Galkynyşy­ döw­rün­de­ ata­ Wa­ta­ny­myz­ Türkme­nis­tan­ in­no­wa­sion ­tä­ze­lik­ler ­bilen deň ­ga­dam­ urup,­ iň­ öň­deba­ry­jy­ çöz­güt­le­ri­ ka­bul­ ed­ýär.­ Halk­ ho­ja­ly­gy­ny­ sanlylaşdyrmak­ ba­bat­da­ Gah­ry­man­  Ar­ka­da­gy­my­zyň­ ba­şy­ny­ baş­lan ­giň­ ge­rim­li­ öz­gert­me­ler ­sy­ýa­sa­ty­ bu­gün­  Ar­ka­dag­ly­ Ser­da­ry­my­zyň­ baş­tu­tan­ly­gynd­a­ üs­tün­lik­li­ dur­mu­şa­ ge­çi­ril­ýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, sanly özgertmeler babatda Diýarymyzda netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle özgertmeleriň durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap almagy bolsa, ykdysady işde we gündelik durmuşymyzda ýeňillikleriň döremegine mümkinçilik berýär. Häzirki zaman maglumatlar jemgyýetinde özboluşly amatlyklaryň üpjün edilmegi ýurduň ykdysadyýetiniň çeýeliginden habar berýändigini göz öňünde tutsak, Diýarymyzda bu ugurda ýetilen sepgitler örän guwandyryjydyr. Has takygy, bank, salgyt, söwda, aragatnaşyk ulgamlarynda ilata hödürlenýän iň öňdebaryjy hyzmatlar sanly ykdysadyýetiň ösüşiň we döwrebaplygyň baş şertidigini dolulygyna görkezýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy döwletimiziň innowasion ösüşe esaslanýan täze durmuş-ykdysady modeliň binýadyny goýýandygyny alamatlandyrýar. Öz gezeginde, tehnologik ösüş ýagty geljegi kepillendirýär. Ine, şeýle özgertmeler bolsa Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan beýik işlerden gözbaş alýar.

    Sylap AMANOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir