Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän eziz Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, üstünlikleriniň ýokary derejeli görkezijisi bolan ak şäherimiz Aşgabat bu gün bagtyýar raýatlarymyzyň göz-guwanjyna, ýürek buýsanjyna öwrüldi. Her bir binasy ak mermere beslenip, Gün nuruna öwşün atýan görkana paýtagtymyzyň gün-günden özgerýän, kämilleşýän keşbinde ýurdumyzyň ykdysady, medeni kuwwaty aýdyň şöhlelenýär. Geçen sanlyja ýyllaryň içinde Aşgabatda iri toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamalarynyň ençemesi durmuşa geçirilip, jemgyýetçilik-medeni desgalaryň birnäçesi gurlup ulanylmaga berildi. Aşgabadyň keşbinde diňe bir tebigatyň dürli gözellikleri däl, eýsem, döwürler hem bir sazlaşyga girýärler» diýip, örän jaýdar belleýär. Hakykatdan-da, ak mermerli paýtagtymyzyň keşbinde hemmetaraplaýyn ösen şäheriň döwrebap nusgasyny görmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen mähriban paýtagtymyz bu gün dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hataryndan mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň baş şäheri ak mermerli Aşgabat köpsanly naýbaşy gözellikleriň sazlaşykly jemlenen mekanydyr. Paýtagtymyzda gurulýan döwrebap desgalaryň ählisinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini üpjün etmekden gözbaş alynýar. Ýurdumyzda halkymyzyň asuda, parahat durmuşda, eşretli zamanada ýaşamagy, medeniýetli dynç almagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin döredilen giň gerimli mümkinçilikleriň ählisi gözelligiň dürdänesine öwrülip, ak şäherimiziň mähriban keşbine siňendir. Goý, ýurdumyzy, kämilligiň belent nusgasy bolan paýtagtymyz Aşgabady mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Mekan BATYROW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby