Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

  • 26.03.2023
  • Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar, şol sanda azyk we beýleki harytlaryň önümçiligi boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar. Türkmenistanda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri  tutulýan ugurlarynyň biridir.  Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder» diýip belledi. Bu maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» beýan edildi. Döwlet Baştutanymyz hususy pudak hyzmatdaşlygynyň, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere giňden çekilmeginiň ähmiýetini yzygiderli nygtaýar. Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklary ýörelgeleri esasynda guraýan ýurdumyzda häzirki wagtda halk hojalygynyň bu ulgamyny netijeli we okgunly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçiligiň hukuk esaslarynyň, salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň ýeňilleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlary bermekde hem-de telekeçiler üçin karz, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmek işiniň aňsatlaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar.


    Döwletgeldi GELDİÝAROW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir