Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bina edilýän Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy hem şeýle ajaýyp işleriň anyk subutnamasydyr. Arkadag adyny buýsanç bilen göterýän täze şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan we onuň açylyş dabarasyna ykjam taýýarlyk görülýän häzirki günlerde hormatly Prezidentimiz welaýatymyzyň döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna girişmek bilen bagly taryhy resminama gol çekmegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Arkadagly Serdarymyzyň kabul eden nobatdaky resminamasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinjitapgyry 2023—2026-njy ýyllarda amala aşyrylar. Dag eteginiň gözel künjeginde bina edilýän Arkadag şäheri täze taryhy döwrümiziň döredijilik keşbiniň özboluşly beýanydyr. Bir-birinden owadan ymaratlar, akylly öýler, seýilgähler, aýna ýaly tekiz ýollar we beýleki gözellikler täze şäherde ýaşajak ildeşlerimiziň hyzmatynda bolar. Täze şäherde ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi we ilhalar adamlar bolup ýetişmegi babatynda göz öňüne tutulýan amatlyklar buýsanjymyza buýsanç goşýar. Göreni haýrana goýjak ak nura beslenen şäheri gurdurýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys. Goý, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!
Sähragül DÖWLETOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyby