Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ykdysady taslamalar sazlaşykly utgaşyk

  • 05.03.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ata Watanymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary ösüş görkezijilerini gazanýar. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda Diýarymyzda sanly ulgamy ösdürmek, halk hojalygynyň pudaklaryna iň kämil innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine ýardam berýär. Bu ugurda kabul edilen maksatnamalaryň, ýakyn geljek üçin kesgitlenilen anyk wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artjakdygy şübhesizdir. 
    Häzirki zaman innowasiýalar äleminde bank hyzmatlaryna bolan isleg hem ýokary derejede ösýär. Bu ýagdaýda ykjam goşundylary peýdalanmak möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şeýle amatlyklar ulanyjylara özleriniň hasabynyň netijelerini barlamaga, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmäge, geçirimleri hem-de hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmaga ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, «Altyn asyr», «Millikart», «Goýum bank karty», «Maşgala karty» ýaly sanly bank kartlary arkaly nagt däl tölegleriň möçberi hem-de «Internet banking», «Ykjam bank», «Aralykdan töleg» ýaly hyzmatlardan peýdalanmak artýar.  Soňky ýyllarda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, metbugat neşirlerini  elektron görnüşe geçirmek boýunça ýokary netijeler gazanyldy. Bu babatda aýdanymyzda, gazetleriň we žurnallaryň elektron görnüşe geçirilmegi düşewüntlilik nukdaýnazaryndan örän amatlydyr. Ýurdumyzda çap edilýän metbugat neşirleriniň saýtlarynyň döredilmegi hem ýokary ähmiýete eýedir. Bu saýtlaryň döredilmegi, bir tarapdan, häzirki zaman maglumatlar jemgyýeti döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň habarlar we maglumatlar giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna hem-de ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli beýik işler baradaky maglumatlary dünýä ýaýmaga, beýleki tarapdan bolsa, diňe bir ýazgy materiallaryny däl, eýsem, maglumat roliklerini, reportažlary göni görnüşinde ýerleşdirmäge, ýaýratmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň üstünlikli ösdürilýändiginiň hem-de sanlylaşdyrmak boýunça konsepsiýanyň ähli döwlet maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalara sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

    Atageldi ARAZOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby                                                                      

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir