Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ösen ykdysadyýet kemala getirilýär

  • 16.02.2023
  • «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar» ýylynda eziz Diýarymyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, elektron senagatyny kämilleşdirmekde, maglumat kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde netijeli işleriň durmuşa ornaşdyrylýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hususan-da, häzirki wagt­da «Ber­kar­ar­ döwl­et­iň­ täz­e eýý­a­my­nyň­ Gal­ky­nyş­y:­Türk­me­nist­a­ny­ 2022­—­2052-nji­ ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip belleýär. Munuň özi bizi uzak ýyllary nazarlaýan bu maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri wagyz etmäge, Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga ruhlandyrýar. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklaryna we edara-kärhanalaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak, innowasion ösüşi çaltlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ösüşiň iň döwrebap ugry sanly ulgam bolup durýar. Sanly ulgam ösüşiň giň mümkinçiliklerine eýe bolup, hünärmenler tarapyndan saýlanyp alynýar. Bu ugurda uly işleriň amala aşyrylandygyny hem bellemek gerek. Esasan hem kämil hünärmenler taýýarlanyp, işiň sazlaşykly ýola goýulmagy üpjün edilýär. Bu bolsa sanly ulgamyň geljekde hem dowamly ösdüriljekdigini beýan edýär. Sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylýan pudaklarynda ösüşiň tizligi üpjün edilýär, çünki ähli işler tehnologiýalaryň kömegi bilen tiz amala aşyrylýar. Sanlylaşdyrylan enjamlar önümçilikde hem-de bilimde, beýleki pudaklarda möhüm ähmiýete eýedir. Sanly ulgam uzak aralykdan maslahatlary geçirmäge, resminamalary elektron görnüşde dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda bu ugra aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz tarapyndan gyzgyn goldaw tapýandygyny buýsanç bilen bellemeli. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň belent derejelere çykmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

    Gözel ANNAÝEWA
    Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir

    Поделиться ссылкой на выделенный текст

    • Twitter
    • Facebook
    • Вконтакте

    Прямая ссылка:

    Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»