Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşi

  • 15.02.2023
  • Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi döwletimiziň senagat kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik berýär. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän sanly ykdysadyýet öňde duran anyk ykdysady wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna we ähli babatda ýokary ösüş görkezijileriň gazanylmagyna oňaýly şertleri döredýär. Elbetde, bu gurulýan desgalaryň ählisi işçi güýjüni, hünärmenleriň yhlasly zähmetini talap edýär. Olaryň gurluşygynda hem ýaşlarymyzyň müňlerçesi zähmet çekýär. Öňde goýlan belent maksatlardan kemala gelýän kämil derejeli durmuş ulgamy halkymyzyň ýaşaýşa bolan höwesini, ýaş nesilleriň bilim almaga, hünärleri işjeň özleşdirmäge bolan hyjuwyny artdyrýar. Bu gün mähriban halkymyz öňdengörüjilikli, döredýän we gurýan syýasaty berkarar edip, mukaddeslik derejesinde belende galdyryp, şonuň bilen ýurdy beýik ösüşlere besleýär. Bu gün türkmen topragy bereket çeşmesine, bagtyýar durmuşyň höküm sürýän mekanyna öwrüldi. Gurmak, döretmek, ösdürmek mähriban halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän arzuwy. Halkymyzyň geljekde hem eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri hem bilimi ösdürmekden, köpugurly hünär taýýarlygyny üpjün etmekden, kämil düşünjeli, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekden we öňdebaryjy tejribeleri, tehnologiýalary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda durmuşa ornaşdyrmakdan, olardan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Hut şu maksat bilen häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlaryndan baş çykarýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip, döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. 

    Resulberdi SETDARBERDİÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir