Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Sanly ykdysadyýetde amatly şertler

  • 22.01.2023
  • Ýurdumyzda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini aňladýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Sebäbi ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen, önümçiligiň ähli görnüşiniň taýýar önümi çykarmaga ukybynyň artdyrylmagy, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýulmagy we innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulmagy, ilkinji nobatda, adam maýasyny yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy zähmet öndürijiligine hem täsirini ýetirýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilýär. Olaryň birinjisi täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekden, internet ulgamyna geçýän kärhanalaryň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ikinjiden, önümçiligi sanlylaşdyrmak ýörelgesine eýerip, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrýan kärhanalar üçin bu ugurda amatly şertleriň döredilişine döwlet uly üns berýär.                                                                                                       
    Atajan NURMYRADOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir