Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Milli ykdysadyýetiñ ösüşi

  • 06.12.2022
  • Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň ösüşleri orta möhletlere we uzak möhletlere niýetlenen döwlet we milli maksatnamalar esasynda ýaýbaňlanýar. Şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň maslahatynda yglan edilen 2022 ― 2052-nji ýyllar döwri üçin Maksatnama olaryň arasynda iň uzak döwre niýetlenen we täze wezipeleri kesgitleýän möhüm resminamadyr. Milli ykdysadyýet elektroenergetika, nebitgaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebithimiýa senagatlaryndan, maşyngurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köppudakly, dürli maksatly ugurlardan ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagynda we Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmeginde, ýurtda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyrylýar.
    Garaşsyzlyk zamanymyzda nebitgaz toplumy, elektroenergetika, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagy düýpli ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen bir wagtda himiýa önümçiligini, dokma pudagyny, gurluşuk materiallary önümçiligini, telekommunikasiýalar we beýleki ýokary tehnologiýa pudaklaryny emele getirmek boýunça düýpli işler amala aşyryldy.
    Türkmenistanyň daşary söwda-ykdysady gatnaşyklary hyzmatdaş ýurtlar bilen özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgelerine salgylanýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, milli ykdysadyýetiň esasy ýörelgeleri ýurdumyzda impotyň ornuny tutýan ýokary hilli milli önümleri öndürmekden, milli önümleriň eksportynyň möçberini yzygiderli artdyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň ykdysadyýetini düzýän bölekler hökmünde ýurduň çig mal baýlyklaryny, gaýtadan ioşleýän senagatyny, milli önümleri we üstaşyr nharytlary daşamak mümkinçiliklerini görkezmek bolar. Bu bölekleriň sazlaşykly ösdürilmegi Türkmenistany dünýä bazarynda ygtybarly hyzmatdaş derejesine çykarýar we dünýäniň döwletlerini, abraýly halkara guramalaryny, iri kompaniýalaryny hyzmatdaşlygy ýola goýmaga has höweslendirýär. Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetini täze ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyza, mähriban Arkadagymyza jan saglyk, asylly işlerinde üstünlik arzuw edýäris.


    Meýlis ÇARYÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir