“Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda sanly ulgamlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyny, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirip, IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanylmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine, işewürligiň we maýa goýumlarynyň hem-de döwlet dolandyrylyşynyň netijeliliginiň artdyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, maglumat ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine, durmuş we maliýe-bank ulgamlarynda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň düýpli ýokarlandyrylmagyna, nagt däl hasaplaşyklaryň has-da ýaýbaňlandyrylmagyna, harajatlaryň we sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyna, uzakmöhletleýin durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna we jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň tutýan paýynyň ýokarlanmagyna, ahyrky netijede bolsa, halkymyz üçin ýokary mümkinçilikleriň we täze şertleriň döredilmegine, ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen inklýuziw ösüşini üpjün etmäge hyzmat edýär. Halk hojalygynyň we önümçilik gatnaşyklarynyň jemi, jemgyýetiň bazisi bolan ykdysadyýetiň döwletiň umumy ösüşinde iňňän möhüm orny bar. Şuňa görä-de, ykdysadyýeti ösdürmeklige aýratyn uly üns berilýär. Bu babatda döwletiň ykdysady syýasaty möhüm ähmiýete eýedir. Hemişelik Bitaraplyk we “Açyk gapylar” syýasatyna ygrarly bolan ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi orta möhletleýin we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, “Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “2023-nji ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklary döretmek Konsepsiýasy”, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy”, „Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017—2021-nji ýylar üçin Döwlet maksatnamasy”, “Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021—2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy” ýaly onlap döwlet we milli maksatnamalar muňa aýdyň mysaldyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda köp pudakly, dürli maksatly bazar ykdysadyýeti döredildi. Önümçilik gatnaşyklarynda hususyýetçilige, işewürlige we telekeçilige giň ýol açyldy, ösen senagaty döretmeklige gönükdirilen tagalalaryň netijesinde elektroenergetika, nebitgaz, himiýa, dag-magdan, maşyngurluşyk we demri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän, ýeňil we azyk senagatlarynyň döwrebap kärhanalary gurlup, ulanmaga berildi. Netijede, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirildi.
Söýlijan REJEPOWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby