Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Giñdir dünýä-geñdir dünýä

  • 19.10.2022
  • Adam­la­ry geň gal­dy­ran re­kord­la­ryň bi­ri­ni Ýe­me­niň ýa­şaý­jy­sy Mu­ham­met Muk­bel goýup­dyr. Da­şyn­dan gö­räý­mä­ge, ýö­ne­keý ýa­ly hem bol­sa, onuň bu re­kor­dy­ny gaý­ta­lap bi­len adam ýok eken. Mu­ham­me­diň re­kor­dy dört sa­ny ýu­murt­ga­ny bir-bi­ri­niň üs­tü­ne goý­ma­gy ba­şa­ran­dy­gyn­da­dyr.
    * * *
    Hy­taý­ly Ýun Fen ro­bot bi­len ping-pong oý­nu­ny oý­na­p, re­kord go­ýup­dyr. Tür­gen Ýun Fen 6241 ge­zek to­py gaý­tar­ma­gy başa­ryp­dyr we oýun­da bir ge­zek hem ha­ta goý­ber­män­dir.
    * * *
    Du­baý­da ýer­leş­ýän myh­man­ha­na­la­ryň bi­rin­de bul­gur­lar­da be­ýik pi­ra­mi­da ýa­sa­mak bo­ýun­ça re­kord goý­lup­dyr. Bu­lar ýa­ly gy­zyk­ly çä­re öň hem köp ge­zek bo­lup­dy. Ýö­ne du­baý­ly hü­när­men­ler bu re­kor­dy goý­mak üçin 54740 sa­ny bul­gur ulan­mak bi­len, 8,23 met­re ba­rabar pi­ra­mi­da «gu­rup», «bul­gur­dan gur­lan iň be­ýik pi­ra­mi­da»  de­re­je­sin­de öz­le­rin­den öň goý­lan re­kor­dy tä­ze­le­di­ler. Olar  bu re­kor­dy goý­mak üçin bäş gün sarp edip­dir­lerwe maksa­dy­na ýe­tip­dir­ler.
    * * *
    Bra­zil­ýa­da 100 ýa­şy ar­ka atan Uol­ter Ortmann ýa­şa­ýar. 2022-nji ýyl­da ol hem Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gir­me­gi ba­şa­ran adam­la­ryň bi­ri. Ýa­şu­ly bu ki­tap­dan my­na­syp orun alan müň­ler­çe adam­lar ýa­ly us­sat­ly­gy­ny gör­kez­me­se-de, hatda re­kord goý­ma­ga hem ym­tyl­ma­sa-da, ol işi­ne we­pa­dar­ly­gy üçin bel­li­ge al­nyp­dyr. Ýag­ny, Uol­ter Ort­mann şol bir eda­ra­da 84 ýyl bä­ri iş­le­ýän iş­gär hök­mün­de ki­tap­dan orun alyp­dyr. Uol­ter Ort­mann öz zäh­met ýo­lu­na 15 ýa­şyn­da baş­lap­dyr we hä­zir­ki wagt­da hem şol eda­ra­da söw­da-sa­tyk bo­ýun­ça hü­när­men we­zi­pe­sin­de iş­le­ýän eken.


    Taýýarlan: SOLTANİ Mehnaz
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň  talyby 

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir