Mermer binaly paýtagtymyzyň arassa howasyndan dem alyp, şäheriň gözelligini synlaýyn diýip ýola düşdügiň, ýakymly duýgular seriňe dolýar. Bir çetde durup synlasaň, baglarynda saýraýan guşlaryň sesi seni özüne bendi edýär. Binalarynyň ýalkymy güneş bilen bäsleşip, ajaýyp sazlaşyk emele gelýär. Goýny bahar-ýaza meňzedilýän şäherimiz kimleri öz menziline ugradyp, kimleri bolsa mähir bilen garşylaýar. Bu ýere gelen islendik myhmanda ýagşydan-ýagşy umytlar oýanyp, ýene-de gelsem, görsem diýen arzuwlar döreýär.
Waspy şygyrlarda, aýdymdyr sazlarda belentden ýaňlanýan paýtagtymyz — ýylyň islendik paslynda-da tämiz hem owadan. Şeýle gözel şäherimiziň bardygyna bolan buýsanjymyz ýüreklerimize ylham hem joşgun berýär. Paýtagtymyzy altyn öwüşginli mekana öwürýän günlerimiz rowaçlygyň şuglasy bolup, kalplara nur çaýýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri halkymyzyň şan-şöhraty bolup, äleme meşhurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Aşgabat ajaýyp köşkleri, belent binalary, dürli ähmiýetli desgalary bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň, gurluşyk pudagynyň häzirki ýeten derejesiniň nusgasy hökmünde inžener-tehniki pikiriň öňde baryjy üstünliklerini we asyrlar boýy dowam eden milli binagärligiň däplerini özünde jemleýär.
Ajaýyp zamanamyzda Aşgabadyň ösdürilmegine ägirt uly üns berilmegi, ähli düzümlerinde işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde amatly hem oňaýly şäher infrastrukturasy emele geldi. Binagärlik taýdan dünýä meşhur bolan şäherimiz dürli ugurlarda Ginnesiň rekordlar kitabyna ençeme gezek girizildi. Munuň özi paýtagtymyzyň özgerýän keşbiniň, bu ýerde döredilýän mümkinçilikleriň, gurulýan kaşaňdan-kaşaň binalaryň, şol bir wagtda-da ýaşamak üçin amatly şähere öwrülýändiginiň halkara ykrarnamasydyr.
Söhbet JEPBAROW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby