Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Energetika senagaty

  • 21.09.2022
  • Ýurdumyzyň energetika pudagy döwletimizi senagat taýdan ösdürmegiň esasy bolup durýar. Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysadyýetinde energetika  pudagynyň tutýan orny uludyr. Ählumumy ykdysadyýete işjeň goşulyşýan ýurdumyzy çalt depginler bilen senagatlaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan maksatnamalarda energetika pudagyna aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda türkmen energetika senagaty okgunly ösüş depginine eýe bolup, elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga ukyplydyr. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatlaýyn işler alnyp barylýar. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň maksatnamasy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, iri senagat toplumlarynyň birnäçesini bina etmek meýilleşdirilýär. Bu maksatnamany durmuşa geçirmek, şeýle hem elektroenergiýanyň eksport möçberlerini artdyrmak üçin bu pudagyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek zerur bolup durýar. Häzirki hereket edýän hem-de bina edilýän täze senagat we durmuş maksatly desgalaryň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, pudagyň eksport kuwwatyny has-da artdyrmak üçin ýurdumyzda yzygiderli işler alnyp barylýar.
    Döwletimiziň energetika pudagynda  täzeçil tehnologiýalar işjeň ulanylyp, öňdebaryjy tejribä we ylmyň gazananlaryna daýanylýar. Olaryň esasynda giň möçberli maksatnamalar we meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Maglumat-aragatnaşyk we elektron tehnologiýalar, bio we lukmançylyk tehnologiýalary, nanotehnologiýalar we täze materiallary öndürmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalar ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny emele getirýär.
    Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, energetika pudagyny kämilleşdirmekde uly başlangyçlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!


    Selbi NİÝAZMYRADOWA
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 
    mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir