Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Maýa goýum ykdysady ösüşde

  • 14.09.2022
  • Maýa goýum ykdysady ösüşde

    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maýa goýumyň ykdysady ösüşde we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda esas bolup çykyş edýändigi hemmämize mälimdir. Häzirki wagtda Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti üpjün etmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan durnukly hem-de netijeli maýa goýum ulgamyny kemala getirdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdaraymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maýa goýum syýasaty yzygiderli we döwrebap şertlerde kämilleşdirilýär, milli ykdysadyýetimiziň, şeýle-de sebit we dünýä ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly maliýe-ykdysady hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen beýleki gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi ýola goýulýar. Ýeri gelende aýtsak, ýurt möçberinde her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy işlenip düzülende, wezipeler kesgitlenende, önümçilikde we durmuş ulgamynda göz öňünde tutulýan sepgitler anyklanýar. Şoňa görä-de, makroykdysady görkezijileriň ösdürilmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulandyrylmagy üpjün edilýär.  Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, milli maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdeleriniň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan önjeýli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir. Strategik taýdan möhüm maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin orta we uzak möhletli daşary ýurt karzlaryny çekmek bankyň alyp barýan wezipeleriniň esasylarynyň hatarynda durýar.        

                    
    Muhammet HYDYROW
    Türkemen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir