Garaşsyzlyk baky bagtyñ özeni
08.09.2022
Garaşsyzlyk, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär.
Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi. Türkmenistanyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Türkmenistan ykdysady ösüşiň netijelerini durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň gelejekki gülläp ösüşini üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual we berk bedenli adam maýasyny kemala getirmäge gönükdirýär.
Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.
Hawa bu günki gün Garaşsyzlyga eýe bolan halkymyz dünýäde özüniň beýik döwletiniň gadyryny bilip, hözirini görüp ýaşaýar. Garaşsyzlyk ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize ser salanymyzda, ençeme işleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýärsiň. Üstünlikleriň sakasynda duran Arkadagly Serdarymyza tutýan tutumlarynyň mundan beýlägem pajarlap ösmegini, ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň abadan bolmagyny arzuw edýärin. Türkmen halkyny eşretli zamana alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Oguldürli TAGANOWA
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ uly mugallymy