Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Türkmen-türk parlamentara gatnaşyklary ösdürilýär

  • 12.07.2022
  • Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

    Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp hem-de pursatdan peýdalanyp, ähli musulmanlar üçin mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi hem-de türkmen we türk halklaryny tüýs ýürekden gutlap, bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge hem-de külli musulman ymmatynda özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

    Parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy.

    Söhbetdeşler iki dostlukly ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň, deputatlaryň özara duşuşyklarynyň geçirilmeginiň hem-de geňeşmeleri guramak arkaly bu ulgamda tejribe alyşmagyň möhümdigini aýratyn bellediler. Parlamentara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin netijeli gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

    Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen we türk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir