Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, milli ykdysadyýetde dünýä nusgalyk belent ösüşler gazanylýar. Munuň şeýledigini Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde döwlet Baştutanymyza berilýän hasabatlardan hem aýdyň görmek bolýar. Bu beýik ösüşler halkymyzyň öz saýlan Baştutanynyň daşyna bir adam ýaly jebis bolup, ýurdumyzy dürli pudaklar babatda ösdürmäge yhlasly goşýan goşandy netijesinde amala aşýar. Şu günki gün ýurdumyzda ykdysady ösüşleri gazanmakda gurluşyk toplumynyň hem uly paýy bardyr. Çünki ýurdumyzda iri ykdysady toplum täze-täze senagat obýektleriniň hasabyna döredilendir. Gaýtadan işleýän senagatyň ösmegi milli ykdysadyýeti belent derejelerde ösdürmäge ýardam berýär. Tebigy gazy, nebiti, azyk we dokma önümlerini gaýtadan işleýän senagatly kuwwatly ýurt bolan Türkmenistan ynamdar hyzmatdaş hökmünde dünýäniň iri kompaniýalarynyň gyzyklanmalaryny özüne çekýär. Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, döwletiň garamagyndaky kärhanalary hususylaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki wagtda azyk önümlerini gaýtadan işleýän senagatyň paýyna ilaty daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek wezipesi düşýär. Şu esasda ýurdumyzda döwlet we hususy eýeçilikdäki maldarçylyk, guşçulyk toplumlarynda öndürilýän et, süýt, ýumurtga önümlerini, ýyladyşhana toplumlarynda ýetişdirilen gök we bakja önümlerini gaýtadan işlemek, gaplamak bilen, ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri öndürilýär. Daýhanlaryň, telekeçileriň ýerden alýan hasylynyň mukdary we hili üzül-kesil ýokarlandy. Bu ýagdaý gaýtadan işleýän senagaty azyk çig mal gorlary bilen has doly üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şonuň ýaly-da, dokma toplumlary özümizde öndürilýän pagtanyň, ýüňüň we piläniň hasabyna ýokary hilli çig mal bilen üpjün edilýär. Halkymyzyň agzybirlikde, asudalykda, jebislikde halal zähmet çekip gazanýan bolelin durmuşy, öndürýän ýokary hilli önümleri goňşy we alysda ýerleşen ýurtlara eksport edilýär. Munuň özi döwletimiz tarapyndan iri senagat toplumlaryna goýberilen maýa goýumlarynyň öz bellenilen möhletinde doly ödelip, ýurdumyza uly girdejileri getirip başlamagyna şert döredýär. Biz ýurdumyzy medeni we ykdysady ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize, Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw edýäris
Maksat ÇÜRIÝEW Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ kafedra müdiri, uly mugallym