Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Aşgabat beýik özgerişler zamanasynda 

  • 23.05.2022
  • Aşgabat döwletimiziň welaýat derejesi berlen paýtagt şäheridir. Şäher dolandyryş taýdan dört sany şäher etraplaryna bölünýär. Köpetdag, Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin. Aşgabat şäheri döwletimiziň iri senagat merkezi hasaplanýar. Bütin Türkmenistanda öndürilýän senagat önüminiň 5,7%-i şäheriň paýyna düşýär. Ykdysadyýetiniň esasyny senagat pudagy düzýär. Şäheriň senagaty garaşsyzlyk ýyllarynda düzüm taýdan düýpli özgerdi. Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň senagat önümçiliginiň düzüminde elektroenergetika, maşyngurluşygy we metal işläp bejermek, ýeňil we azyk senagaty, derman-himiýa senagaty esasy orun tutýar. Aşgabadyň elektroenergiýa bolan üpjünçiligi durnukly kanagatlandyrmak maksady bilen şäheriň günorta böleginde 2006-njy ýylda ýyllyk kuwwalylygy 254,2 megawata deň bolan gaz turbinaly döwlet elektrik stansiýasy işe girizildi. Häzirki wagtda Aşgabadyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin güýjenmesi 220 KW deň bolan halkalaýyn tok geçiriji ulgamy gurulýar. 
    Ýurdumyzda öndürilýän maşyngurluşyk önümleriniň 90%-e golaýy Aşgabat şäheriniň paýyna düşýär. Şäherde dürli önümleri öndürmäge ýöriteleşen “Türkmenmaşyngurluşyk”, “Nebitmaşyngurluşyk”, “Azykmaşyngurluşyk”, “Demir”, “Elektrotehnika”, “Santehönümler” zawodlary hereket edýär. Aşgabat şäherinde awtoulaglary, teplowozlary we durmuş-medeni tehnikalary bejerýän merkezler hem ýerleşendir. Şäheriň gurluşyk materiallary senagatynyň iri kärhanalaryna aýna, “Demirbetonönümleri”, “Arkaç” kombinatlary degişlidir. Paýtagtymyzyň gurluşyk toplumyny ösdürmek işi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze şähergurluşyk syýasaty esasynda amala aşyrylýar. Dermanhimiýa Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen senagat pudaklarynyň biridir. Aşgabadyň “Saglyk” derman kärhanasynda Türkmenistanda ösýän derman otlardan we beýleki ýurtlardan getirilen çig mallardan dermanlaryň 90-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Bilelikdäki “Türkmenderman Ajanta Farma Limited” kärhanasynda dermanlaryň gerdejik, süýri däne we ürgün görnüşleri çüýşejiklerde we derman çüýşelerde sanjym serişdeleri, melhemler, diş ýuwulýan serişdeler öndürilýär. “Tenekar” derman kärhanasy infuzion erginleri taýýarlamaga niýetlenen suwy taýýarlaýan çylşyrymly köp tapgyrly ulgamdan, infuzion erginleri taýýarlaýan, infuzion erginleri derman çüýşelere guýýan we olara ýarlyklary ýelmeýän bölümlerden durýar. 
    Häzirki wagtda kärhanada infuzion erginleriň 16 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäherinde ýeňil senagaty ösdürmeklige aýratyn orun berilýär. Şäheriň senagat önümleriniň 40%-den gowragy ýeňil senagatyň paýyna düşýär. Aşgabat şäherinde häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan “Türkmenbaşy” we “Aşgabat” dokma toplumlary, medisina we kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän, “Ýüpek”, “Argaç” ýüň egriji, haly, “Türkmengalkan” aýakgap, “Ahab”, “Bahar” tikinçilik fabrikleri, “Egriji” kärende kärhanasy ýerleşýär. 
    Aşgabat şäheriniň döredilen güni bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň döredilen güni sepleşip gidýär. Ýurdumyzda bu goşa baýram uludan belleniler.

    Atageldi GARAJAÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir