2022-nji ýylda üstünlikleriň binýady berkden tutulýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi jemi içerki önümiň ösüş depginini geljek 30 ýylda ösdürmäge oňyn itergi berýär. Şeýle hem, ykdysadyýetiň pudaklarynyň senagatlaşdyrylmagyna, elektron senagatynyň ornunyň ýokarlanmagyna, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine getirýär. Ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanyp, dünýä bazarlaryna aralaşmagy üçin hem täze mümkinçilikleriň döredilmegine oňaýly ýardam berýär. Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän uly mümkinçilikleri ýurdumyzda sarp edilýän harytlaryň önümçiliginiň ýylsaýyn artdyrylmagyny şertlendirýär. Döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlaryň netijesinde, ýokary hilli, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümler öndürilip, haryt bolçulygy üpjün edilýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň hasabyna import azaldylyp, eksport önümleriň möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzda kiçi, orta we iri telekeçiligiň ösdürilmegi baradaky tagallalaryň, hemaýat-goldawlaryň netijesinde, ykdysadyýetiň hususy böleginde innowasion tehnologiýalara daýanýan senagat, oba hojalyk we gurluşyk kärhanalaryny özünde jemleýän telekeçiler gatlagy emele geldi. Hususy bölegi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady we hojalyk ulgamy döredildi. Ýeňillikli karzlaşdyrmak işi ýola goýlup, eksporta gönükdirilen we importuň ornuny tutýan önümçilikler peýda boldy. Şeýlelikde, senagatda, gurluşykda, oba hojalyk toplumynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy amala aşyrylyp başlandy. Goý, ýurdumyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik başlangyçlary hemişe rowaç bolsun! Ýusup SERDAROW Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ talyby