Güneşli Diyarymyzda halkara ähmiyetli çäreleriň guralmagy buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. Şeýle çäreleriň hatarynda ýakynda ak mermerli paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiya Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň geçirilendigini bellemek has-da ýakymlydyr. Bu forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny arşa göterip, halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Ýeri gelende, zenanlaryň dialogynyň Birleşen Milletler Guramasynyň goldamagynda, 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan döredilendigini bellemek gerek. Ol Merkezi Aziýa sebitiniň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzüm bolmak bilen, gender deňligini ilerletmekde, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde, şeýle-de sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek işinde zenanlaryň mümkinçilikleriniň has doly açylmagynda bu çäräniň ähmiyetiniň uludygy has-da guwandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda zenan mertebesi has belende göterildi. Bu gün türkmen jemgyýetinde zenanlar aýratyn orun eýeleýär. Zenanlaryň halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda, bilimde, medeniyetde, saglygy goraýyşda, dokma senagatynda, hususy pudakda, jemgyýetçilik işlerinde netijeli zähmet çekmegi ugrunda giň şertler döredilýär hem-de nesil terbiyelemegi bilen bagly olara döwlet tarapyndan uly ýeňillikler berilýär. Olaryň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş-durmuş şertleri döwletiň üns merkezinde bolmak bilen, zenanlaryň zähmetine mynasyp baha berilýär. Sekiz we ondan köp çagany dünýä indiren we terbiyeläp yetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy öndebaryjy zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Täze taryhy döwürde berkarar Watanymyzda halkara derejeli forumlaryň üstünlikli geçmegi ugrunda uly tagalla edýändigi, gender deňligine uly ähmiyet gönükdirýändigi, şeýle-de ýurdumyzyň gülläp ösmeginde, il-günümize wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiyeläp ýetişdirmekde mährem zenanlaryň bitirýän hyzmatlaryna ýokary baha berýändigi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys
Altynaý ANNAMYRADOWA Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ uly mugallymy