Ýaşyl tugum al asmanda parlaýar
17.05.2022
Başymyzyň täji hasaplanýan, nurly türkmen topragynyň ýaşyl baýdagy bu günki günde özüniň owadanlygy we ylalaşdyryjylyk häsiýeti bilen bütin dünýäde tanalýar.Türkmenistanyň Döwlet baýdagy 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda döredildi we şol ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Baş Kanuny kabul edildi.Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy döwletiň mizemezliginiň, halkyň jebisligini alamatydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy kanunydyr. Onda döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň kanuny esaslary goýlandyr. Döwlet baýdagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň berkararlygyny, bakylygyny, jebisligini we sarsmazlygyny beýan edýär. Buýsançly parlaýan baýdagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana türkmen halkynyň asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtyýar, abadan durmuşda ýaşaýandygyny dünýä jar edýän döwlet nyşany bolup ýalkym saçýar. Hormatly Prezidentimiz: «Biz Türkmenistan atly beýik döwletde, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys, abadan we gül ýaly durmuşymyza buýsanmalydyrys» diýip belleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana, zähmetkeş we dörediji halkymyz Esasy Kanunymyzyň goragy astynda erkin we bolelin durmuşda ýaşaýar. Ýaşyl ýazlaryň reňkinden reňk, ýalkymly Aýdan nur, ýyldyzlardan şöhle, zeýtun ýapragyndan parahatlyk, millilige siňen haly göllerinden öz gözelligini alan mukaddes Döwlet baýdagymyz bolsa asuda asmanymyzda belentden-belent parlaýar.
Begmyrat MYRATGULYÝEW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby