Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Döwletlilik ýörelgämiz rowaçlyklar getirýär

  • 08.05.2022
  • Döwletimiz uly ösüş ýoluny geçdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýyla çenli geçilen döwürde röwşen geljegimize barýan ýolumyzy nurlandyrýan, pikir-hyýallarymyzy, arzuwlarymyzy bir maksada düzýän milli ýörelgämiz kemala geldi. Onda ýaşaýşymyzyň ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän belent ahlagy, ruhy ýörelgesi jemlenýär. Biz bu gün döwletimiziň we jemgyýetimiziň milli demokratiýanyň ösüşiniň täze belentligine ýetendigini görýäris. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewraldaky mejlisi şonuň mysalydyr. Danalaryň biri geçmişini bilmeýän halkyň geljeginiň ýokdugyny aýdýar. Türkmen millet hökmünde şöhratly geçmişini arzylaýar, gorap saklaýar. Şu ýerde milli Liderimiziň eserlerinde öňe sürýän geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamak, ony ertire ýetirmek, her döwrüň ruhuna laýyk ýörelgäni döredip, olary baýlaşdyrmak baradaky sargytlaryna aýratyn üns çekesimiz gelýär. Döwletimiziň baş syýasatynyň binýadynda Oguz ýörelgeleriniň — döwletlilik ýörelgesiniň goýulmagynyň islendik ugurda rowaçlyk getirýändigini bu günki ösüşlerimiz anyk görkezýär. Agzybirlik, döwletli maslahat bilen oňyn çözgütlere gelmek türkmene owaldan mahsus bolupdyr.  Türkmende agzybirlik öýüň, giň manyda bolsa bütin ýurduň baş döwleti — baýlygy hasaplanýar. Halkymyz milli taglymat derejesine ýetiren agzybirlik ideýasyna berk uýýar. Bu taglymat döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky jebisligiň barha pugtalanmagyna hyzmat edýär. Türkmeniň tebigatynda ynsanperwerlik, adamkärçilik ýaly gyzyldan gymmatly häsiýetleriň ýaşaýyş-durmuşyň adalatly ölçegi hökmünde şeýle bir ösendigini ykrar etmezlik mümkin däl. Bu sypatlar ýurdumyzyň ýöredýän ynsanperwer syýasatynyň özenini düzýär. 

    Akmyrat ORAZHUMMİÝEW 
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk   institutynyň talyby
    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir