Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiz Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, parahatçylykly hem-de ynanyşmak medeniýetine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak barada uly işler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny berkitmekde, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmekde hem-de pugtalandyrmakda, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini goramakda, döwletimiziň dünýädäki halkara abraýyny has-da belende götermekde goşan uly şahsy goşandyny, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça döwlet işinde bitiren uly hyzmatlaryny nazara almak bilen, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy
G.Mämmedowa.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 17-nji fewraly.