Neslindensiň, bilgin,
mertleň,
ägirtleň,
Jan bilen Watany deňändirler deň.
Şeýlekin mukamda ýaňlanandyr heň,
Arkadagly Serdar—Gahryman Ogul!
Yzlasaň Oguzly,
Gorkutly menzil,
Baýdagyň goluňda parlasa hezil.
Dowama ýollanmaz bu ýollar Sensiz,
Arkadagly Serdar—Gahryman Ogul!
Seni ýetişdiren Pederňe şöhrat!
Asyrdan-asyra alyp barar at.
Gowşamaz,
gowşamaz,
güýçlüdir bu bat,
Arkadagly Serdar—Gahryman Ogul!
Halk Senden tapandyr uly goldawy,
Deňlere ýetmegi hem ulalmagy.
Akyl ummanyndan içip ganmagy,
Arkadagly Serdar—Gahryman Ogul!
Watan asudadyr,
iller abadan,
Ýaý berýär,
ýagtylýar atýan ala daň.
Gadyry başgadyr uly aladaň,
Arkadagly Serdar—Gahryman Ogul!
Berilenligiňi bilgin ykbala,
Doga dolanandyr türkmen ynsaba.
Aslyňda Oguz bar,
bardyr Pyragam,
Arkadagly Serdar—Gahryman Ogul!
Gelişi başgadyr teýiň hem aňryň,
Dünýesi akylyň, eýýamy aňyň.
Seni penalasyn,
gorasyn Taňrym,
Arkadagly Serdar—Gahryman Ogul!
Üns-üşük her kimlere berilmez,
Gudrat bolup köpe ganat gerilmez.
Döwletlilik Senden sowa egilmez,
Arkadagly Serdar—Gahryman Ogul!
Sebäp, edilýändir ile hyzmaty,
Ozatlar ýerinde gaýta:r gymmaty.
Hoş bolýar, joş urýar,
synla ymmaty,
Arkadagly Serdar—Gahryman Ogul!
Saglyk dileýärin,baş dursun aman,
Ýaş süňňüňde juwanlygyň bady bar.
Bargyn öňe,
menzillerde ýadaman,
Arkadagly Serdar—Gahryman Ogul!
Günden ýiti,
Aýdan aýdyň ýol Saňa,
Ter ýaprakly,
gülälekli go:l Saňa.
Söýgi,
söýget,
sylag,
sarpa bol Saňa,
Arkadagly Serdar—Gahryman Ogul!
Gözel ŞAGULYÝEWA
Türmenistanyň Gahrymany