Berkararlykdan bagt tapýan, täze eýýamyñ Galkynyşyndan galkynýan döwrümizde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen ak ertirleri nazarlap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň her bir güni, Arkadagly Serdarymyzyñ saýasynda uly ösüşlere, taryhy özgerişlere beýik ýeňişlere beslenýär.
Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllygy halkymyz üçin täze üstünliklere beslenýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň we edilýän hyzmatlaryň dünýä derejesindäki hilini gazanmaga mümkinçilik berýän esasy şertler döredildi. Giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we senagat taýdan toplumlaýyn ösüş häzirki döwre mahsus ugurlara öwrüldi. Bu bolsa döwletimiz tarapyndan yzygiderli goldaw berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyzlyk diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen, özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk — barlygymyz. Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýlip bellenilýär.
Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk halkymyzyň şöhratly taryhynyň öçmejek ýazgylarydyr, bu taryha altyn harplar bilen ýazylýan şu günümizdir, bu taryhy öňe, diňe öňe alyp gitjek ýagty ertirlerimizdir. Garaşsyzlyk diýmek berkarar döwletliligimizdir we onuň dünýädäki belent at-abraýydyr.
Hormatly Prezidentimiz ,,Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr” diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk baýramy mähriban halkymyzyň durmuşynda diňe möhüm sene bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geçen ýolumyza baha bermek, gazanan üstünliklerimiziň ähmiýetine düşünmek we öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz döwletimiz halkara gatnaşyklar ulgamyna, dünýäniň ykdysady aragatnaşyklaryna işjeň gatnaşýar. Özüniň syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirýär. Bu gün dünýä bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan hem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraýy has-da belende galýar.
Garaşsyzlyk – halkyň Arşa ganat açmasy. Garaşsyzlyk – milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw- umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyz tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmen halkyny, eşretli durmuşyň eýesi eden Turkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Maksatmyrat SEÝIDOW
Aşgabat şäheriniñ 129-njy orta mekdebiniñ müdiri