Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Gurluşyk pudagynyň batly gadamlary

  • 16.09.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, gurluşyk pudagyny ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllaryň dowamynda gurlup ulanylmaga berlen dürli maksatly desgalar ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr. Köp pudakly milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalar esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine, örän baý tebigy serişdeleriň doly derejede peýdalanylmagyna, sebitleriň toplumlaýyn  özgerdilmegine gönükdirilen ileri tutulýan maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzy okgunly ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginde gurluşyk toplumyna maýa goýumlaryna ähmiýetli orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu strategiýanyň netijesinde, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän senagat kärhanalary gurulýar, häzirki zaman ulag we durmuş düzümleri kemala getirilýär, giň gerimli ýaşaýyş jaý gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçilik binýadynyň kuwwatlyklary artdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan gurýan ýurtdur, kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat gözümiziň alnynda tanalmaz derejede özgerip, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy  bilen ýurdumyzyň baş şäherinde gurlan Olimpiýa şäherçesi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bina edilen ajaýyp toplumlar, sebitlerde döredilen oba-şäherler, gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanan Arkadag şäheri, «Aşgabat-siti» adyna eýe bolan täze şäheriň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde şäherçeleriň taslamasy hem-de ýene-de ençeme binalar toplumlary eziz Watanymyzyň ykdysady, durmuş, şähergurluşyk babatda täzeçil ýörelgeleriň mekanyna öwrülendigini alamatlandyrýar. Diňe Aşgabat şäherinde ýa-da welaýat merkezlerinde däl, eýsem, iň çetki obalarda  hem ýaşaýyş jaý we medeni-durmuş  ähmiýetli desgalaryň gurulýandygyny  aýratyn bellemek möhümdir. Ýurdumyzy bedew bady öne balyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

    Yslamberdi TYLLANUROW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy

    Başga makalalar
    Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

  • 30.07.2025
  • Awaza forumy: röwşen geljegiň ygtybarly daýanjy

    HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

  • 28.07.2025
  • HALKARA FORUM DOGANLYK HALKLARY JEBISLEŞDIRÝÄR

    Awaza - dostluk mekany

  • 28.07.2025
  • Awaza - dostluk mekany

    Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

  • 28.07.2025
  • Awaza forumy - durnukly ösüşiň bähbidine

    HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

  • 28.07.2025
  • HAZARYŇ KENARY, DOST-DOGANLYK MEKANY

    Watan news
    Elektron gazeti
    watannews99@gmail.com
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir

    Поделиться ссылкой на выделенный текст

    • Twitter
    • Facebook
    • Вконтакте

    Прямая ссылка:

    Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»