Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Beýik başlangyçlara badalga

  • 07.09.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ata Watanymyzyň herbir güni,  uly toý baýramlara baý taryhy wakalara beslenýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň Sentýabr aýy hem uly taryhy baý wakalar bilen başlandy. Däp bolup gelşi ýaly Sentýabr aýy Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen başlanyp, ol diňe täze okuw  ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösüşiň belentliklerine tarap ilerlemegine aýratyn ähmiýetiň berilýändigini hem aňladýar. Bilimler we talyp ýaşlar güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 5 müň orunlyk Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutulmagy bulardan başga-da Mary welaýatynyň Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýolda monumentiň düýbüni tutmak dabarasy geçirilmegi, ýurdumyzda ylym bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürliýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu aýda Türkmenistanlylar özygtyýarly Türkmen döwletiniň şanly senesini  bellemäge aýratyn ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýärler. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli, däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň  sergisi guralar, onda Türkmenistanyň özygtyýarly ösüş ýolunda gazanan üstünlikleri görkeziler. <span;>Ýurdumyzy ösüşler ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda üstünlik arzuw edýäris.

    Yslamberdi TYLLANUROW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir