Irden döwlet Baştutanymyz we türkmen halkynyň Milli Lideri bilelikde paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň çäklerinde bar bolan täze desgalar, olaryň ähmiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy D.Saburow häzirki zaman uçarlarynyň saklanýan desgalary, olaryň enjamlaşdyrylyşy hem-de uçarlara tehniki hyzmatlary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz bu desgalaryň gurluş aýratynlyklary, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen içgin gyzyklandylar. Bu ýerde alnyp barylýan işleriň we tehniki hyzmatlaryň häzirki zamanyň talaplaryna we ýokary halkara görkezijilerine laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda uçarlaryň uzakmöhletleýin esasda ulanylmagynyň baş şertini emele getirýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz we türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyzyň işewürlik we medeni dynç alyş merkeziniň emele gelýän demirgazyk böleginde gurulýan Söwda we dynç alyş merkeziniň ýanyna geldiler. Bu ýerde hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän toplumlaryň taslamalary we çyzgylary görkezildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow bu ýerde alnyp barylýan işler, gurulýan binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy baradaky hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda gurluşygy dowam edýän binalaryň we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalaryny hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi.
Bellenilişi ýaly, bu ýerde köpugurly Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Täze toplumyň çäklerinde bassyrmaly çaýhana, awtoduralga, işewürlik merkezi, buz-oýun meýdançasy, toý mekany ýerleşdiriler. Şeýle hem merkeziň çäklerinde dükanly ýerasty geçelgeler gurlar. Munuň özi durmuş ulgamyna degişli desgalaryň gurluşygynyň toplumlaýyn görnüşde ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ozal gurlan we häzirki döwürde durkunyň täzelenmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalar, ýolýakalaryna oturdyljak haşamly germewler, köp gatnawly ýol çatryklarynda bina edilmegi göz öňünde tutulýan köpzolakly, aýlawly awtomobil köprüleri we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.
Çeşme:TDH