Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen alnyp barylýan döwletli işleriň esasy maksady halkymyzyň asuda we parahat durmuşda bagtyýar ýaşamagyna, geljegimiz bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklaryna we islegli kärlerinde ökde hünärmenler bolup zähmet çekmeklerine gönükdirilýär. Türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegi. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy jemgyýetimizde şeýle möhüm orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly goraýar. Munuň özi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Islendik döwletiň kuwwatynyň ykdysady görkezijisi, diňe bir tebigy baýlyklar bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil hünärmen nesilleri bilen kesgitlenilýär. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, hünärlerini kämilleşdirmeklerinde ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde, biz ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalarda bilim almagymyza, milli ruhda terbiýelenip, arzuwly hünärlerimizde işläp, Watanymyzyň ösüşli ýollaryna mynasyp goşant goşmagymyza döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bimöçber sagbolsunymyzy aýdýarys.
Kuwwat KAKAGELDİÝEW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby