Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertme halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmegiň baş şerti hökmünde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda dünýä we döwür bilen aýakdaş gitmegiň derwaýysdygyny belleýär. Sanly ykdysadyýete geçmek üçin alnyp barylýan düýpli özgertmeler bolsa bu ugurdaky möhüm ädimleriň biridir. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän bu ulgama geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi hem, öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda hünärmenleriň sanly ulgam, sanly ykdysadyýet baradaky bilimlerini artdyrmak bilen bir hatarda, dürli ugurlary sanlylaşdyrmak işi giň gerimde alnyp barylýar. Häzirki wagtda döwrebap aragatnaşyk ulgamlary arkaly bank, söwda we beýleki toplumlar üçin ýurdumyzda gurnalan köp sanly bankomatlaryň hem-de terminallaryň üsti bilen islendik ýerden hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň töleglerini nagt däl hasaplaşykda amala aşyrmaga mümkinçilikler döredildi. «Internet bank» hyzmatynyň kömegi bilen, indi AŞTU tölegleriniň ählisini örän amatly ýagdaýda töläp bolýar. Häzirki döwürde durmuşymyza yzygiderli ornaşýan, hemmämiz üçin elýeterli bolan elektron tölegler, internet-söwda, internet-mahabatlandyrma sanlylaşdyrylan ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň miwesidir. Şunda maglumat tehnologiýalarynyň we internet ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak arkaly sarp edijileriň gymmatly wagtlarynyň we serişdeleriniň tygşytlanmagyna, hyzmatlaryň çalt ýerine ýetirilmegine hem-de kagyz göterijide ulanylýan maglumatlaryň sanynyň azalmagyna sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary hökmünde baha bermek bolar. Şol sanda «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň müşderilerine uly ýeňillikler we islenen ýerde hasaby doldurmak mümkinçiligi döredildi. Galyberse-de, häzirki wagtda internet dükanlarynyň işjeň hyzmat etmegi ilata hödürlenilýän söwda hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Islendik harydy satyn almak üçin indi bazara aýlanmak, wagtyňy sarp etmek, ýol çykdajylaryny harçlamak asla gerek däl. Mobil enjamlaryň üsti bilen onlaýn söwda dükanlaryndan gerekli harytlary sargap bolýar. Üstesine-de, tölegler islendik möçberde nagt däl hasaplaşyklar arkaly kabul edilýär. Bu bolsa ildeşlerimiziň hem-ä wagtynyň tygşytlanmagyna, hemem gündelik durmuşda zerur bolan serişdeleriniň öz wagtynda eýesine gowşurylmagyna ýardam berýär. Halkyň eşretli ertiriniň, sapaly durmuşynyň aladasyny edip, ýurdumyzy ösüşleriň, özgerişleriň mekanyna öwürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Geldimyrat HANGELDİÝEW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby