Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ýaşlar-Watanymyzyň abraý-mertebesi

  • 25.05.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan oňyn döw­let sy­ýa­saty­nyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­leri­ne bar­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da ýur­du­my­zyň şu gün­ki öz­ge­riş­le­ri­ni gel­jek­de has-da pug­ta­lan­dyr­mak, at-ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­mak we­zi­pe­si ýaş­la­ryň pa­ýy­na düş­ýär. Ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, hü­när ýo­lu­na ug­ruk­ma­gy, be­den taý­dan berk, ru­hy taý­dan sag­dyn adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin döw­let ta­ra­pyn­dan giň şert­ler dö­re­dil­ýär. 
    Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan Ýaşlar baradaky döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesi türkmen ýaşlarynyň umumadamzat gymmatlyklaryna akyl ýetirýän, watansöýüji, ezber, köp dilleri bilýän, kompýuter sowatly, beden we ruhy taýdan kämil hünärmenler edip terbiýelemäge gönükdirilip, bu ugurda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzdaky täze ösüş-özgerişleriň oňyn netijeleri milli ylym we bilim ulgamynyň binýadynyň berkidilmeginde hem öz beýanyny tapýar. Bu ugurdaky işler Gahryman Arkadagymyzyň: «Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň we özgerişleriniň özenini düzýän gymmatly baýlyklaryň biridir» diýen sözlerinden gözbaş alýar. Ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler Watanymyzyň ýaşlarynyň öňünde ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Türkmen ýaşlaryna ylym-bilim boýunça dünýäniň täze gazananlary we halkara tejribesi bilen doly tanyşmaga giň şertler döredilýär. Ýaşlarymyz internet ulgamy arkaly halkara ylmy bäsleşiklerine, olimpiadalara gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Bu babatda ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän kitaphanalaryň, täze açylýan orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň ähmiýeti uludyr. Soňky ýyllarda şeýle okuw mekdepleriniň ençemesiniň açylmagy hünär taýýarlykly ýaşlaryň ýetişmegine uly hemaýat edýär.

    Yslamberdi TYLLANUROW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir