Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň taryhy asyrlara uzaýan ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýär, bagtyýarlyk döwründe bu ýörelgelere täzeçe öwüşgin çaýylýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halky ýaşlara Watanyň daýanjy, ýurduň ösüşiniň esasy sütünleriniň biri hökmünde garapdyrlar. Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Häzirki döwürde ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýaşlaryň syýasy-medeni çärelere has işjeň gatnaşmaklary, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek ugrunda oňaýly şertleriň döredilmegi dowam etdirilýär. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň şahsyýet hökmünde kämilleşmegini, öz saýlap alan ugurlarynda dünýä tejribesini özleşdirmeklerini hem-de işine döredijilikli çemeleşmeklerini, okuwda, işde, sportda, ylym we hünär öwrenmekde ýokary netijeler gazanmaklaryny üpjün edýär. Olaryň durmuş üpjünçiliginiň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň, ylmy hem-de döredijilik başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagy bolsa ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyryp, ýurdumyzyň ýagty geljegine bolan uly ynamy döredýär. Çünki ýaşlar — nurana geljegimizi gurujylardyr, olaryň kämilligi Watanymyzyň kuwwatydyr.
Uzukjemal GULAMOWA
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň talyby