Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary, medeni-durmuş ulgamlary boýunça ylmy esaslara we iň öňdebaryjy tejribelere daýanylyp, döwlet derejesinde işlenilip taýýarlanylýan we amala aşyrylýan ösüş maksatnamalaryň baş maksady halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyryp, bolelin ýaşaýşyny we bagtyýarlygyny üpjün etmekden, nurana ertirlerimiziň pugta binýadyny döretmekden ybarat bolup durýar. Biz bu asylly maksatlaryň barha rowaç tapýandygyna mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly ýyllarynda açykdan aýdyň göz ýetirdik. Ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ösüşleriň belent sepgitlerine eýe boldy. Medeniýet, saglyk, bilim, sport ulgamlaryna degişli desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik kärhanalarynyň gurlup, halkyň hyzmatyna berilmegi hem diýseň buýsandyryjy hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiz bu günki günde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, medeni-durmuş ulgamlaryny täze belentliklere götermekde we halkymyzyň baky bagtyýarlygyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk işleri bitirýär. Goý biz ýaşlara bilim almaga, saýlap alan hünärimiziň hakyky eýeleri bolup ýetişmäge, ylmy-amaly bäsleşiklere gatnaşyp, has -da kämilleşmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Didar DOWWAÝEWA
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby