Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tehnologiýa infrastrukturasynyň ösmegi we uly maglumat binýatlarynyň ulanylmagy biziň jemgyýetimizde hem uly san öwrülişigine getirdi. Bu bolsa sanlaşmanyň öňki tapgyry millionlarça peýdalanyjylaryň internet ulgamyna mümkinçilikleri giňeltmek bilen häsiýetlendirilen bolsa, täze tapgyrda san hyzmatlarynyň giň ulgamlaryny kämilleşdirmegi işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Dünýäniň islendik kuwwatly döwletini alyp görsek-de, ykdysady ösüşde ýokary sepgide innowasiýa-tehnologik ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň netijesinde ýetýändigi görünýär. Kabul edilen Konsepsiýa laýyklykda, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bir bitewi internet toruny döwrebap hilde kemala getirmek arkaly sanly ykdysadyýete geçmek döwletiň düzüm birliklerinde, işewürlik düzümlerinde, jemgyýetçilik bileleşiklerinde, şeýle-de ýurdumyzyň çet sebitlerinde sanly ykdysadyýetiň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak çäreleri uly depgin bilen işjeň alnyp barylýar. Bu tehnologiýalar eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň hiline we mazmunyna döwrebaplyk häsiýetini çaýýar. Innowasiýalar önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, ykdysady iş bilen meşgullanýan düzümlerde dürs hasabatlylygy ýola goýmaga, esasanam, önümçilikleriň düşewüntli işlemegine gözegçiligi ýokarlandyrmaga oňaýly şert döredýär. Şunuň bilen birlikde, ilatyň gündelik durmuşda peýdalanýan maglumat meýilnamalarynyň hil-howpsuzlygynyň kepillendirilmegini, elektron pul geçirimleriň ygtybarly hem howpsuz amala aşyrylmagyny üpjün edýär.
Söýenç AHMEDOW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi