Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynda ýaşlary terbiýelemek bilen baglanyşykly ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim işgärleri toplan tejribelerini we täze usullary bir-biri bilen alşyp bilýärler. Şonuň netijesinde kompýuter hemde maglumat aragatnaşyk tehnologiýalary bilen işlemek endiklerini kämilleşdirýärler. Şonuň ýalyda, sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy netijesinde talyplar tele köpri arkaly bilelikdäki hyzmatdaşlyklary, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bilim gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrýan we täze derejä çykarýan umumy we amaly sapaklara, duşuşyklara gatnaşyp, bilimlerini artdyrýarlar. Ata Watanymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ornaşdyrylan bilim portalynyň işjeň hyzmatlary netijesinde hem talyplaryň okuwa ýetişikleri, dersleri özbaşdak özleşdirmek ukyplary ýokanlanýar. Şunda mugallymlaryň çykyşlaryny, portalda ýerleşdirilen ders ýazgylaryny we tema degişli beýleki maglumatlary özlerine ýükläp almaga mümkinçilik tapýarlar. Şeýlede, portalyň mümkinçilikleriniň çäklerinde aralyk jemlemeler we synaglar sanly esasda geçirilip, her talybyň şahsy bilimi kesgitlenilýär. Şu nukdaýnazardan, innowasiýanyň we täze tehnologiýalaryň bilim işinde ýokary derejede peýdalanylmagy ýurdumyzda döwrebap hünärmenleriň kemala gelmegini, ýaş alymlaryň sanynyň artmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda ylym bilim ulgamynyň öňe gitmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlaryndan, döwlet maksatnamalaryndan ugur alynýar. Berkarar döwletimiziň bilim ulgamyny düýpli derejede sanlylaşdyrmak we geljekki hünärmenlere bilim terbiýe bermek üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Serdar SULTANOW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby