Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Şöhraty öçmejek Beýik Ýeňiş

  • 08.05.2023
  • Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşyjylaryň ýan-ýoldaşlarynyň hemde uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň görkezen deňsiz taýsyz edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerine, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryna ýokary baha berýär. 1941 —1945-nji ýyllarda doganlyk halklar bilen birlikde urşuň agyr synaglaryny başdan geçiren watandaşlarymyzyň müňlerçesi dünýäde parahatçylygyň we azatlygyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň hem-de belent adamkärçiligiň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezdiler. Olaryň yzynda galanlar tylda gije-gündiz gaýratly zähmet çekip, bol hasyl öndürdiler, fronta zerur bolan önümleri, egin-eşik, azyk iberdiler, goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaýsepleri tabşyrdylar. Türkmenistanly esgerleriň köpüsi urşuň gazaply, synagly ýollaryny geçip, görkezen edermenlikleri üçin söweşjeň ordenler we medallar bilen sylaglanyp, olaryň ýüzden gowragy bolsa Gahryman diýen belent ada eýe boldular. Milli gahrymanlaryň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» ýadygärlik kitaplarynda ebedileşdirildi. Ondan bäri aýlar aýlanyp, 78 ýyl geçdi. Ýöne türkmen ýigitleriniň söweş meýdanynda görkezen edermenlikleri unudylanok. Çünki Beýik Watançylyk urşunda  nesilleriň bagtyýar durmuşy üçin şirin janlaryny gurban eden gerçeklerimiz, sag-aman ata Watanymyza dolanyp gelen we häzir hem aramyzda ýaşap ýören merdana uruş weteranlarymyz, urşa gidenleriň yzynda galyp, ojaklaryny gözleriniň göreji deýin saklan ak saçly enelerimiz ajaýyp döwrümiziň nesilleri üçin gahrymançylygyň, mertligiň,  wepadarlygyň beýik mekdebidir. Hut şonuň üçin-de, şöhraty öçmejek Beýik Ýeňiş, ony getiren merdana ogullar hemişe ýagşylykda ýatlanylýar, geljekde hem ýatlanylar.


    Merdan PYHYÝEW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir