Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

«Älem içre at gezer»

  • 03.05.2023
  • Il halkymyzy ajaýyp kitaplary bilen yzygiderli begendirip gelýän Gahryman Arkadagymyz «Älem içre at gezer» atly ajaýyp Berdimuhamet Annaýew barada gyzykly gürrüň berilýär. Bu romanda halypa mugallym, watançy esger, il halar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň watan söýüjiligi, nusgalyk durmuş we zähmet ýoly barada täsirli söhbet açylýar. Halypa mugallymyň kitapdaky sargytlary bugün nesil terbiýesi bilen meşgullanýan her bir adam üçin halypalyk  sapaklary bolup hyzmat edýär. Kitapdaky: «Mugallymyň sözlerindede, özüni alyp barşyndada sap ýüreklilik bolmalydyr, galyplyga, ýasamalyga  orun bolmaly däldir. Çagalaryň gözüniň alnynda birje gezek gal paýdan adam olaryň öňünde hemişe ýalançy adam bolup galar» ýada «Çaga gowy bilim we mynasyp terbiýe berip bilseň, bir ajaýyp gün ol okuwçy öz mugallymynyň adyny arşa göterer» diýen ýaly maslahatlar biziň her birimize zähmet ýolunda ösüş gazanmaga, galybersede, durmuşda belli bir maksat tutunmaga bolan aýgytly ynam döredip, güýç berýär. Şeýle maslahatlar kitapda näçe diýseň bar. Kitabyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uly. Birek-birege hormat goýmak, sarpalamak, ata enäni söýmek olaryň diýeninden çykmazlyk, mätäje kömek bermek, ata Watana wepaly, adam kärçilikli bolmakýaly asylly sypatlar bu ajaýyp kitabyň özenidir. Kitaby okanyňda  milletiň mertebesini beýgelden şahsyýetleriň—Anna aganyň, Berdimuhamet mugallymyň diňe bir öz durmuşlary bilen ýaşaman halkyň aladasy bilen ýaşandyklaryna göz ýetirýärsiň. Kitabyň front bilen baglanyşykly sahypalaryny okanyňda Berdimuhamet mugallymyň galamyny ýaraga çalşyp, Watan goragyna gidende hem Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi ýaly çeper söz  ussatlarynyň, şygyr äleminiň ägirtleriniň eserlerini özüne hemra edinendiginiň, olaryň ruhy bilen ýaşandygynyň, watançylyk çagyryşly şygyrlaryny şygar edinendiginiň şaýady bolýarsyň. Gahryman Arkadagymyz «Älem içre atgezer» atly ajaýyp kitaby halkymyzyň söýgüli kitaplarynyň birine öwrüldi. Çünki bu kitap öz eziz halkyňy, mähri ban topragyňy, il ýurduňy, onuň şöhratly, gahrymançylykly taryhyny söýmekligi, olara sarpa goýmaklygy öwredýär. Kitabyň başga hrymanlary bolan Anna serdaryň, halypa mugallym, ilhalar ynsan, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň zähmet we durmuş ýoly bu işde ýaş nesillerimize nusgalyk göreldäniň mekdebidir.


    Yhlas ÝAKUPJANOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir