Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Watanymyzyň ösüşli menzillerine bolan buýsanç

  • 14.04.2023
  • Ýaşlar her bir döwletiň altyn gaznasy hasaplanýar. Ýurduň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüş depgini, halkyň nurana geljegi köp babatda ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ahlakly we ýokary medeniýetli ýaş nesillere baglydyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ýurdumyzda döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Ýaşlary milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek döwrüň möhüm talabydyr. Şu nukdaýnazardan, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň ýaşlar parlamentara forumynda ýaşlaryň halkara ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky orny hakyndaky çuň mazmunly eden çykyşy ähli watandaşlarymyzyň ýadyndadyr. Bu waka hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp sözlerini, parasatly sargytlaryny ýüreklerine keşde eden döwrebap bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan türkmen ýaşlarynyň ýelden ýyndam döwrümize, ata Watanymyzyň ösüşli menzillerine bolan buýsanç duýgularyny hasda artdyrdy. Ýaş nesilleri ata Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöyer, sowatly, däp-dessurlara, milli gymmatlyklara hormat goýýan, giň dünyägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek şu günüň wajyp meselelerinin biridir. Biz­ ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il- ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!

    Ahmet SAHATOW
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir