Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Watana wepaly ýaşlar ýurduň geljegidir

  • 13.04.2023
  • Türkmen halky edep-ekramy çaga bolan söýgüden hem ýokarda goýupdyr. Her bir maşgalada ýaşlara mynasyp terbiýe bermek baş wezipeleriň biridir. «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn» diýen nakyl ynsany beýik mertebä ýetirmegiň salgysydyr. Ýurdumyzda, ilkinji nobatda, watançylyk terbiýesine uly üns berilýär. Watan ― türkmen halkynyň gadym döwürlerden bäri sežde edip gelýän mukaddesligidir. Halkymyzyň watanly, ýerli-ýurtly bolmak baradaky isleg-arzuwlary millet hökmünde beýgelmek hem-de dünýäde tanalmak derejesine ýetiripdir. Aslynda, parahatçylyk söýüjiligi, watançylygy baş şygary hasaplaýan halkymyzyň ruhy ahwalaty ene toprak bilen baglydyr. Dogan bilen doganyň, dost bilen dostuň agzybirligine ýokary baha berýän halkymyzyň şeýdip dabarasy dag aşýar. Milli ýörelgelerimize ser salanyňda, ýaşlykdan başlap oglanlara at münmegiň, ýaýa erk etmegiň öwredilen-digine göz ýetirýärsiň. Watan goragyndajuda gerekli bolan bu hünärler dünýä milletleriniň arasynda halkymyzyň abraýyny artdyrypdyr. Ýaş nesle ene dilini, däp-dessuryny, milli gymmatlyklaryny söýmegi öwredipdirler. Watansöýüjilik her bir ýaş ynsanda özüne bolan talapkärligi, jogapkärçiligi terbiýeleýär. Dogruçyllyk ― ynsan bezegidir. Ol halkymyza mahsus häsiýetdir. Danalar ýaş nesillere elmydama dürs geplemegi, dogruçyl bolmagy ündäpdirler. Dogry söz özi bilen elmydama gowulyk getirýär. Ynsanlaryň arasyndaky agzybirligi, ynamy pugtalandyrýar.
    Halallyk ýörelgeleri türkmen halkynyň aňyna ornan mukaddeslikdir. Halkymyz halal ýaşap, bütin dünýä tanalypdyr. Pederlerimiz halallyk barada öwüt-ündew edenlerinde: «Rysgalyňa, döwletiňe, malyňa-başyňa, eden işiňe bereket isleseň, halal bolgun!» diýipdirler. Halallyk bilen işlemek we ýaşa- mak döwletlilikden nyşan. Halal rysgal ýokumlydyr, lezzetlidir, bereketlidir. Halallykdan bereket tapýan adamlaryň il arasynda abraý-mertebeside uludyr. Mahlasy, jemläp aýdanymyzda, nesil terbiýesi her bir milletiň ýüzüniň tuwagydyr.

    Maksat İŞANOW
    Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir