Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baş tutanlygynda çalt depginler bilen ösýän ata Watanymyzyň ösüşlerinde bedew bady bar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilýän sepgitlerdir gazanylýan üstünlikler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu bolsa häzirki wagtda sanly ykdysadyýeti we halk hojalygyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda maksatnamalaýyn esasda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän ýurdumyzyň dünýä hojalygyndaky ornuny hasda pugtalandyrmaga ýardam berer. Ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini durnukly saklamak we mundan beýläkde üstünlikli dowam etdirmek ugrunda möhüm çözgütler kabul edilýär. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde saklanýan sanly reforma milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmegiň täsirli guraly we geljegi hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, halk hojalygyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we häzirki zaman maglumat giňişligini döretmek bilen bagly wezipeler kabul edilen Milli maksatnamada aýratyn görkezilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň doly sanlylaşdyrylmagyna we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň maglumat giňişligine çalt depginler bilen goşulyşmagyna itergi berer. Ýurdumyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, Täze taryhy döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan bedew batly ösüşler bolsa ata Watanymyzyň ýeňişli menzilleridir.
Mergen MUHAMMETBERDİÝEW
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyby