Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Parahatçylyk ýörelgelerimiz Ýer ýüzüne äşgär

  • 31.03.2023
  • Parahatçylyk ýörelgelerimiz Ýer ýüzüne äşgä
    Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi milli edebiýatymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi edebiýatda öçmejek yz galdyran nusgawy şahyrlarymyz özbaşdak, erkana, parahat we garaşsyz döwleti döretmek hakyndaky pikirlerini, arzuwlaryny Öz şahyrana eserlerinde beýan edip geçipdirler. Biz muny görnükli edebiýatymyza ser salanymyzda aýdyň görýäris. Özbaşdak, garaşsyz döwlet gurmak, parahat durmuşda yaşamak arzuwy, ýagny parahatçylyk taglymy XVIll asyrda yaşap geçen türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleri Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Magrupynyň döredijiliginde örän köp duş gelýär. Magrupy Magtymgulynyň ýörelgelerine eýerip, öz eserlerinde türkmen durmuşynyň möhüm meselelerini gozgapdyr. Şahyryň «Döwletýar» dessany-ny alyp göreliň. Dessan harby-gahrymançylyk temasynda ýazylyp, ol watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, parahatlyk hakyndaky pikirlere ýugrulandyr. «Döwletýar» dessanynda iň esasy oýlanyşykly orta atylýan mesele parahatçylyk meselesidir.
    Magrupy bu eserinde diňe güýjüňe, gylyjyňa ýa-da toplan baýlygyňa daýanyp, şonuň üsti bilen göreşde üstün çykjak bolup ýörmän, onuň parahatçylykly ýollary agtarylsa, has gowy boljakdygy hakdaky pikiri öňe sürýär. Görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestinde hem Şükür bagşy dutaryny ýarag edinip, parahatçylyk ýoly bilen doganyny ýesirlikden boşadýar. Eserde sazyň ýaragdan hem rüstem çykýandygy giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda bu barada: «Biz häzirki günde sungatyň ornunyň parahat, abadan ýaşaýyş üçin nähili wajyplygyny «Şükür bagşyda» görýäris. «Şükür bagşy» - parahatçylygyň buşlukçysydyr. Ol parahatçylygy wagyz edýän müdimi kespdir» diýip beýan edýär. Arkadagly Serdarymyzyň türkmen edebiýatymyzy has-da içgin öwrenmek hem-de ony kämilleşdirmek baradaky berýän tabşryklary biz — talyp ýaşlara mundan beýläk-de çeper edebiýatymyzy, geçmiş taryhymyzy öwrenmäge güýçli itergi berýär. Edebiýatymyzyň, sungatymyzyň ösmegine hem-de olaryň üsti bilen milli parahatçylyk ýörelgelerimizi Ýer ýüzüne äşgär etmäge örän uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

    Çeper SAHATOWA
    Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir