Watan news
  • Syýasat
  • Ykdysadyýet
  • Medeniýet
  • Ylym-bilim
  • Gyzykly maglumatlar
  • Sport

  • Içeri gir

Ýaşlar bilen diňe öňe

  • 29.03.2023
  • «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýaşla­ryň döwrebap bilim almaklary, ukyp­-başarnyklary esasynda öz mak­satlaryny durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine öz goşantlaryny goşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Milli bilim ulga­myny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýe­timli, maksadaokgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bo­ýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişen pursatynda hem belläp geçipdi. Ýaşlarymyz munuň iş ýüzünde durmuşa geçiril­ýändigini ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümiziň bagtyýar günleri­niň her bir pursatynda janly şaýatlary bolýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, umumybilim berýän mekdepler, ýokary okuw mekdepleri yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Bar bolan bilim merkezleri döwrüň iň kämil enjamlary, kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilip, olarda bilim berşiň iň döwrebap usullary yzygiderli ornaşdyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ak şäherimiz Aşgabadyň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekde­biniň gurluşygyna badalga berilmegi Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim alyp kämilleşmekleri ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstün­likli ösdürilýändiginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Goý, ýaşlar barada uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

    Dünýägözel ÇARYÝEWA
    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

    Başga makalalar
    Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

  • 19.03.2025
  • Saglygy goraýyş ulgamynda 5G tehnologiýanyň ähmiýeti

    Dost-doganlyk ýoly

  • 12.03.2025
  • Dost-doganlyk ýoly

    AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

  • 09.12.2024
  • AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

    MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

  • 07.12.2024
  • MAGTYMGULY PYRAGY — ÄLEMİŇ ŞAMÇYRAGY

    ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

  • 29.11.2024
  • ÝOLUMYZYÑ ŞAMÇYRAGY

    Watan news
    Elektron gazeti
    [email protected]
    Baş sahypa Habarlar Peýdaly maslahatlar Gözleg
    Içeri gir

    google
    ВКонтакте
    Paroly unutdym
    Içeri gir