Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar babatda alyp barýan parasatly döwlet syýasaty ýurdumyzyň bagtyýar geljegi, ägirt uly medeni-ykdysady ösüşleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Muňa oňat düşünýän ýurdumyzyň ýaşlary, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegi üçin özlerinde çuňňur jogapkärçilik duýup, bilimleriň, ylymlaryň esaslaryny özleşdirip, mynasyp hünär eýeleri bolýarlar. 2023-nji ýylyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda ýaşlar babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň has-da ilerleýändiginden, öňde duran möhüm döwlet we jemgyýetçilik wezipelerini durmuşa geçirmekde ýaşlara bil baglanylýandygyndan habar berýän buýsançly waka boldy. Bu buýsançly şanly waka mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň VIII gurultaýy geçirilmek bilen, onda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýaşlarynyň öňünde goýýan möhüm wezipelerini durmuşa geçirmegiň ugurlary kesgitlenildi. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýyl ýurdumyzda ýaşlar babatda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny berkitmek babatda düýpli çäreleriň amala aşyrylan ýyly boldy. Bu ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi we Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ýaşlary bilen birnäçe ýola duşuşyklary geçirip, döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasat ugurlary, bu ugurlaryň geljekde has-da ilerlemegi babatda ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin gürrüň etdiler, parasatly öwüt-ündewlerini berdiler. Bu öwüt-ündewleriň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, onuň ýerlerdäki Geňeşleriniň geljek üçin iş ugurlaryny aýdyň kesgitlemäge möhüm itergi bolandygyny buýsanç bilen aýtmalydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Türkmen ýaşlary bu beýik ynamy özleriniň halal zähmetleri, maksadaokgunly täze başlangyçlary bilen ödärler diýip, hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy ynandyrasymyz gelýär. Biz ýurdumyzy ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza talyp ýüregimizden alkyş aýdýarys.
Soltan HOMMADOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby